Kitap

bilimiň

çeşmesidir

KITAP

- HALKYŇ RUHY HAZYNASY

ÖSÜŞ

— BILIMDEN BAŞLANÝAR

Biziň kitaphanamyza

hoş geldiňiz

Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bolümi

Döwlet kitaphanasynyň düzüminde daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi 1956–njy ýyldan bäri hereket edýär. Kitap hazynasyny ylmy taýdan esaslandyryp emele getirmek, daşary ýurt dillerindäki neşirleri netijeli peýdalanmak bölümiň wezipesine girýär...

Sungat bölümi

Sungat bölümi – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň özbaşdak düzüm bölegidir.Bölüm 1969-njy ýyldan bäri hereket edýär. Bölümiň esasy wezipesi okyjylaryň maglumat talaplaryny tizara kanagatlandyrmakdan, hazynany toplamakdan we ony aýawly saklamakdan, elektron katalogyny döretmekden ybaratdyr...

Seýrek neşirler bölümi

1984-nji ýylyň maý aýynda Döwlet kitaphananyň kitap saklanýan bölüminiň seýrek kitaplar bölümçesiniň esasynda döredilýär. Şol ýylyň iýul aýynyň 1-den bu bölüm özbaşdak bolup işläp başlaýar. Bölümiň hazynasynda (68 müňe golaý neşirler bolup, onuň 17 müňden gowragyny kitaplar galany döwürleýin neşirler, dissertasiýalar tutýar)....

TÄZELIKLER

Ähli habarlar bilen tanyş boluň


  • “Dana şahyryň arzuwlan zamanasy”

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Dana şahyryň arzuwlan zamanasy” atly t…

    DOWAMY
  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ene toprak – hazyna” atly kitap sergisi gurnaldy.

    Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp &cc…

    DOWAMY
  • "Türkmen keçesi"

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi 13.11 se…

    DOWAMY

BITEWI ELEKTRON KITAPHANA ULGAMY BARADA

Häzirki zaman şertlerinde "Elektron kitaphanasy" bir tarapdan adaty kitaphanalaryň weziperlerini ýerine ýetirýän hem bolsa, başga bir tarapdan, kompýuter we telekommunikasion tehnologiýalarynyň esasynda elektron gorlary guramak we saklamak hem-de olary ilata elýeterli etmek wezipesini hem alyp barýar. "ELektron kitaphana" adalgasynyň birnäçe dürli düşündirişleri peýda boldy. Şol bir wagtda, adatça "Elektron kitaphanasy" diýilip elektron resminamalaryň dürli görnüşlerini ygtybarly saklamaga we netijeli ulanmaga mümkinçilik berýän maglumat beriş ulgamyna düşünilýär, elektron kitaphanalary döretmegiň esasy maksadynyň şulardan ybarat bolup durýandygyny bellemek gerek:

  • Çap edilen maglumatlaryň abatlygyny saklamak;
  • Çap edilen maglumatlaryň elýeterligini üpjün etmek üçin zerur şertlerini döretmek;
  • Maglumat habar beriş hyzmatlaryň gerimini giňeltmek;
  • Jemgyýetiň aň-düşünjesiniň ösmegi üçin, degşli edara-guramalary döwrebap enjamlaşdyrmak we olaryň häzirki zaman kämil derejede hereket etmegini gazanmak.

Elektron kitap diýmek elektron nusgada - "SANLY" görnüşde taýýarlanan kitapdyr.

Köp soralýan soraglar

Ýanyňyz bilen passportyňyzy ýa-da dogluş hakynda şahadatnamaňyzy getirmeli.

Kitaplary öýüňizde okamak üçin wagtlaýyn alyp bilýärsiňiz.

09:00-dan 19:00-a çenli. Şenbe we ýekşenbe günleri 09:00-dan 17:00-a çenli.