KITAPHANAARA ABONEMENTI BÖLÜMI


KITAPHANAARA ABONEMENTI BÖLÜMI

Kitaphanaara abonementi (KAA) bölümi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyhyň özbaşdak düzümleýin bölümdir. Bölüm Türkmenistanyň bütewi kitaphana hazynasyny özara peýdalanmak esasynda abonente neşirleri wagtlaýyn peýdalanmaga bermek bilen meşgul bolýar.

KAA- bölüminiň esasy işi okyjylara hyzmat etmekden ybarat. Bölümiň işgärleri bölüme gelýän okyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Bölüm okyjylara hyzmat etmekde dürli ugurlara we pudaklara degişli kitaphanalar, edaralar,kärhanalar we guramalar bilen sazlaşykly aragatnaşyk saklap, işi däp bolup gelýän ugurlar boyunça alyp barýar.

Şahsy we şäherara abonementleriniň bölümçesiniň - işi şu abonementler tarapyndan amala aşyrylýar:

  • şäher abonementi;
  • Şäherden daşarky abonementi;
  • Hususy abonementi;
  • Döwlet medeniýet merkeziniň işgärleriniň abonementi.