Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ak şäheriň aýdyň menzilleri” atly kitap sergisini gurnady.
Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Aşgabat hemmetaraplaýyn kämil ösen, arassa şäherleriň biri hökmünde ykrar edilen, ak arzuwlaryň amala aşýan merkezleriň biri bolan paýtagtymyz halkara derejesindäki döwrebap ýollary, ak meremere beslenen köşgi-eýwanlary, dünýä çykýan şaýollary, nusgalyk, ýokar amatlykly edara binalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly jaýlary, döwrebap institut-unwersitetleri bilen taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen girdi.
Sergä gatnaşyjy okýjylar hem-de talyp ýaşlar Gahryman Arkadgymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadgymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aytdylar.
Link to the source: “Ak şäheriň aýdyň …