“Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ady bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik.

Image description

Söhbetdeşlikde  çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli,watansöýüji bolup kemala gelmeklerinde giň şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ” Ýaşlar-Watanyň daýanjy”atly gymmatly kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, geljegimiz bolan ýaş nesilleri lebzi halal ruhda terbiýelemek,olaryň gursagyna watançylyk söýgüsini guýmak asylly ýörelgeleriň biridigini,perzendiň asylly,edep-ekramly bolmagy üçin ilkinji nobatda, ene-ata görelde bolmalydyr diýip, nygtap geçdiler.

Çykyş edenler çykyşlarynyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Press Service