Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”atly ajaýyp kitabyndan ýazgy edildi.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly ajaýyp kitapdyr.Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olar häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr diýip, nygtadylar. Olar çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň ömrümize bezeg berýän şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Link to the source: “Aşgabat” teleýaýlymy bilen …