Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçylary “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34-ýyllygy mynasybetli ““Garaşsyzlyk bagtymyzyň ganaty “ atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik guraldy.
Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk döwründe medeniýetimiziň, sungatymyzyň uly ösüşlere eýe bolandygy barada aýdyp geçdiler. Hormatly Arkadagymyzyň Arkadagly hormatly prezidentimiziň dürli dillerde ýazylan eserleri barada täsirli gürrüňler etdiler. Kitabyň adamzada edýän täsiri, dünýägaraýşyňy giňeldýänligi barada belläp geçdiler. Kitaphana pudagynyň ösüşi, okyjylara hyzmat etmek, okyjylary hasaba almak, talyplary we ýaşlary kitaphana çekmek hem-de kitaphanada alnyp barylýan işler barada täsirli söhbet edildi.
Kitaphana ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Link to the source: “Aşgabat” teleýaýlymy bilen …