“Aşgabat”teleýaýlymy bilen bilelikde “Awaza- dost- doganlyk mekany” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik.

Image description

Söhbetdeşlikde çykyş edenler  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde belent abaraýa eýe bolýar.Şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty umumadamzat bähbitlerinden gözbaş alýar. Bu halkara foruma giň mümkinçiligiň döredilmegi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny döredijilik durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasy boldy diýip, nygtadylar.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda öz ynsanperwer syýasaty bilen atlary dünýä dolan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Press Service