“Awaza - syýahatçylygyň merjeni” atly kitap sergisi.

Image description

Bu  kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we Awaza milli syýahatçylyk zolagy barada edebiýatlar  giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň biridir. Awaza üýtgeşik tebigaty, jana melhem howasy bilen gadymy döwürlerden adamlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Bu ýerde syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bolsa, ähli gözellikleri özünde jemleýän sagaldyş-dynç alyş merkezlerini gurmaga mümkinçilik berdi. Deňziň jana şypaly kenarynda         göze ýakymly kaşaň myhmanhanalar, çagalar dynç alyş merkezleri, interaktiw suw çüwdürimleri, ajaýyp seýilgähler guruldy, täsin köprüleri bolan derýa peýda boldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň emeli derýasy ýaşyl zolak bolup, Awazanyň seýilgähleriniň içinden geçýär. Onuň kenarlarynda onlarça myhmanhanalar, kafe, açyk bassyrmaly restoranlar, söwda nokatlary ýerleşýär. Emeli deýanyň kenarynda uly bolmadyk katerleriň, gämileriň daýanmaklary üçin ýörite duralgalar enjamlaşdyryldy. Bu bolsa häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösüşini dünýä äşgär etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sergä gatnaşanlar bagtyýar zamanamyzy peşgeş  beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Link to the source: “Awaza - syýahatçylygyň …

Press Service