Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de beýik geljegiň binýady” ady bilen baýramçtlyk dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde Şanly Garaşsyzlygyň 35-ýyllygyna bagyşlanyp “Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de beýik geljegiň binýady”-ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Garaşsyzlyk-Berkararlyk täjimiz” ady bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanalarda uly täsir galdyrdy. Yurdymyzda bellenip geçilýän Şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllynda ýetilen sepgitleri we gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Dabaramyza talyp ýaşlar hem gatnaşdylar. Olaram öz çykyşlarynda Garaşsyzlygymyzyň Şanly 35 –ýyllygynda ýurdymyzyň gazanan üstünlikleri barda öz çykyşlarynda belläp geçdiler.
Baýramçylyk dabarasynda gurnalan sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sebgitler we ýurdymyzyň ösüşlerini wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Şeýle-de Şanly Garaşsyzlygyň 35-ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Link to the source: “Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de …