Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny,medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir wagtyň özünde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy düýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmişinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümde “Beýik şahsyýetler ” atly kitap sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Hakyda Göwheri” atly kitabynda şeýle belleýär : “Öz-özünden döreýän hiç bir zat ýok. Täze bir zadyň ýüze çykmagy, täze bir wakanyň peýda bolmagy üçin sebäp gerek, esas gerek. Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler.” diýip belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir wagtyň özünde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär.
Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Link to the source: Beýik şahsyýetler