“Dillerde dessan-waspyň Bedewim” atly dabaraly maslahat we ýylyň hasabaty

Image description

“Dillerde dessan-waspyň Bedewim” atly dabaraly maslahat we ýylyň hasabaty.

Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ilkinji Zenanlar guramasynyň şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet  kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at –myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Dillerde dessan-waspyň Bedewim” atly dabaraly maslahat we ýylyň hasabaty geçirildi. Maslahata dürli pudaklarda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşyp, ýylyň şygarynyň many-mazmuny, türkmen bedewleri dogrusynda, 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen döwlet ähmiýetli işler, gazanylan üstünlikler hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Press Service