Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Eziz ene – mährem ene“ atly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Altyn Bäşimowa, kitaphanaçylar Gülşat Şamuhammedowa we Aýnagözel Gurbanweliýewa kitaphanaçylaryň arasynda “Eziz ene – mährem ene” ady bilen söhbetdeşlik geçirdiler.
Şonuň bilen birlikde halkyň hakydasyndaky hekaýalarda, gadymy rowaýatlarda eziz enelermize, zenanlarymyza örän uly sarpa goýulýanlygy barada hem belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda G.Şamuhammedowa Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly gymmatly eserinden gadymy rowaýatlar aýdyp berdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby biziň her birimiz üçin iň eziz ynsan – Ene hakynda täsirli hem-de çuňňur pähimli söhbediň beýanydyr.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çärä gatnaşyjylar döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny bildirip, olara berk jan-saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.
Link to the source: “Eziz ene – …