“Garaşsyzlyk – rowaç ýoly türkmeniň” atly Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Sungat” bölüminiň gurnamagynda “Garaşsyzlyk – rowaç ýoly türkmeniň” atly Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi

Döwlet kitaphanasynda geçirilen “Garaşsyzlyk – rowaç ýoly türkmeniň” atly Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygyna - türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegi ugrunda öz saldamly goşandyny goşýan medeniýet we sungat işgärleri, mugallymlar we kitaphanaçylar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyna gatnaşan myhmanlar öz çykyşlary bilen her bir kitaphanaçylarda, dabara gatnaşyjylarda gyzykly täsirlerni galdyrdylar.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülleýän medeniýetimiz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda uludan toýlanýan Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmen medeniýetine we sungatyna goýýan sarpalary üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Link to the source: “Garaşsyzlyk – rowaç …

Press Service