“Görogly şadessanynda bedewleriň waspy” ady bilen göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Aşgabat şäheriniň 83-nji çagalar bakja-bagynda “Görogly şadessanynda bedewleriň waspy” ady bilen göçme kitap sergisini we söhbetdeşlik gurnadylar.

       Bu göçme kitap sergisinde çagalar üçin ertekili kitaplar äkidilip ýerleşdirildi. Mundan başga-da çagalar üçin “Görogly” şadessany we bedewler barada çagalara giňişleýin gürrüňler edildi.                                                                                                       

   Bu göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik çagalar üçin  edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Press Service