Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ähli ugurlarda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň aladalarynyň netijesinde ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda gurluşyk we senagat önümçiligi pudagynda hem uly ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat önümçiligi tarapyndan iň taze tilsimatlary, ýerli çig mallary mümkin boldugyça köp ulanmak arkaly gurluşyk önümçiligi senagatynda ileri tutulýan meseleleri çözmäge, gurluşyk we senagat önümçiligi pugtalandyrmagyň berk maddy-enjamlaýyn binýadyny döretmäge, önümleriň görnüşini köpeltmäge hem hilini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň gurluşyk bazaryny özümizde öndürilýän ýokary hilli gurluşyk önümleriniň zerur bolan möçberleri bilen doly üpjün etmäge gönükdirilen işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadgymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, şeýle-de gurluşyk we senagat pudagyna degişli kitaplar ýerleşdirildi. Sergä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowana ýollarada rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Link to the source: “Gurluşyk we senagat …