Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowlandyrmak, Garaşsyz Türkmen döwletimizi gülledip ösdürmek barada edýän yzigiderli aladalary netijesinde ýurdumuzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynda hem düýüpli özgetmeleriň üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde bu ulgam milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi we onuň möhüm düzümi bolan senagat, gurluşyk ulgamy ýokary depginler bilen ösýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary hem ilatymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa senagat we gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär hem-de pudakda olaryň eksportyny artdyrmak ugrunda ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýänligi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynada gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramyny gutlamak bilen, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Link to the source: “Gurluşyk we senagat …