“Guşlar – ganatly dostlarymyz” ady bilen kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Guşlar – ganatly dostlarymyz” ady bilen kitap sergisini gurnady.

      Ajaýyp tebigatymyzyň gözellikleriniň waspyny ýetirýän  bu kitap sergisiniň başynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri  ýerleşdirildi. Mundan başga-da guşlar, olaryň dürli görnüşleri bilen bagly neşirler  ýerleşdirildi. Kitap sergisi  ýaş okyjylarda we tebigaty öwrenijilerde uly täsir galdyrdy.

Şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Link to the source: “Guşlar – ganatly …

Press Service