“Halk hem kalp şahyry” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kerim Gurbannepesowyň ömri we döredijiligine bagyşlap “Halk hem kalp şahyry” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlige mugallymlar we kitaphana işgärleri gatnaşyp, ajaýyp zamanamyzda gymmatlyklarymyza, olary dünýä ýaýan ussatlarymyzyň bitiren işlerine mynasyp baha berilýändigini belläp, türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ösmeginde uly tagallalar eden halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kerim Gurbannepesow hakynda täsirli söhbet etdiler. Kerim Gurbannepesow – türkmen şygryýetinde ömürbaky yz goýan şahyr. Onuň edebi mirasy bilen tanşanyňda, şahyryň diňe şahyrana döredijilik bilen meşgullanman, şygryýet meýdanyna gadam basmaga höwesjeň ýaşlary goldap, öz maslahatlaryny gaýgyrmandygyny göz ýetirýärsiň diýip, giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler .
Link to the source: “Halk hem kalp …