“Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Dünýä doldy ynsanperwer ýoluňyz,Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” ady bilen döredijilik duşuşyk dabarasy.

Image description

Dabarada çykyş edenler “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylymyzda   alnyp barylýan beýik işler, biziň ykdysadyýetimiz bilen deň derejede sazlaşykly ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz, şeýle hem Türkmen Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli,ynsanperwer syýasatynyň dünýä dolýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Biz  her  günde ajaýyp taryhy wakalaryň , täze-täze ösüşleriň we ýeňişleriň şaýady bolýarys diýip, olar sözlerini jemlediler.

    Söhbetleriniň ahyrynda çykyş edenler  türkmen medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli  alyp barýan ajaýyp işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Link to the source: “Halkara Parahatçylyk we …

Press Service