Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly eserinden kitaphana synyny geçirdi.Syna gatnaşan kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly 3 dilde neşir edilen täze eseriniň many-mazmuny,onuň bölümleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Bu ajaýyp kitap türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny, hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik ýörelgesini aýdyň beýan edýänligini nygtap geçdiler we Watanymyzy täzeden- täze rowaçlyklara tarap öňe sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Link to the source: Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň …