Hyzmat ediş bölümi kitaphana täze gelip gowşan döwürleýin neşirlerden kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi kitaphana täze gelip gowşan döwürleýin neşirlerden kitaphana syny geçirildi.

 Kitaphana synynda çykyş edenler döwlet kitaphanamyza gelip gowşan döwürleýin neşirleri giňişleýin tanyşdyrdylar. Кitaphanamyza gelip gowuşýan gazetdir, žurnallarda döwrümiziň toýdyr-baýramly günleri barada, giňişleýin maglumatlaryň berilmegi her bir okyjynyň ünsini özüne çekmek bilen çäklenmän, parahat döwletimiziň ösüşiniň şaýady bolýandyklary üçin gatnaşyjylarda buýsanç duýgularyny oýardy. Ýurdumyzyň beýik ösüşini, taryha yz goýjak wakalaryny özünde jemleýän neşirlerimiziň dowamly gelip gowuşmagy bizi diýseň buýsandyrdy.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýaş nesillere işlemäge, döretmäge döredilýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

Link to the source: Hyzmat ediş bölümi …

Press Service