“Irki döwürleriň neşirleri”

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda  “Irki döwürleriň neşirleri ”- atly kitap sergi gurnaldy. Sergimizde bölümde has irki döwürdäki çykan neşirleriň sergisi gurnaldy.  Seýrek neşirler bölümiň hazynasynda ХVI asyra we ondan soňky döwürlere degişli örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljekgi nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda Türkmenistanyň milli baýlygy bolup durýan taryhy ylmy we medeni gymmaty bolan neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Bu edebiýatlaryň ählisi türkmen kitabynyň taryhyny we Türkmenistanda neşirýat işiniň taryhyny şeýle-de, taryhy çeşmeleri edebi ýädigärlikleri öwrenmek üçin ylmy taýdan örän gymmatly çeşmelerdir. Hazynamyzyň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem-de Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar.

Türkmen  halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe  uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Press Service