“Jahanda kitap dek dost bolmaz” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 85-nji çagalar bagynda “Jahanda kitap dek dost bolmaz” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Çeper okaýyşda mähriban Watanymyzyň körpe balalary aýratyn üns aladalar bilen zähmetsöýerlilik hem-de watançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini beýan etdiler. Kitaphana işgärleri çagalara kitabyň iň ajaýyp dostdugyny, maslahatçydygyny, kitap okaýan adamyň dünýäsiniň giň, ruhubelent, ýatkeşligiňi ýiteldýändigini belläp, kitap okap bilimlerini artdyrmaklaryny maslahat berdiler. Çagalar bagynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara ertekilerden birnäçesini okap berildi we olaryň arasynda ertekileriň gahrymanlary hakynda sorag-jogap alşyldy.
Çärä gatnaşanlar körpe nesli döwrebap terbiýelemekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Link to the source: “Jahanda kitap dek …