“Magtymguly Pyragy-şygryýetiň göwher täji”

Image description

“Magtymguly Pyragy-şygryýetiň göwher täji”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Magtymguly Pyragy-şygryýetiň göwher täji” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Akyldar şahyr Magtymguly  Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman eýsem ýer ýüzüniň ähli halklarynyň şahyrydyr. Şahyryň ýazan ähli goşgulary bütin adamzat dünýäsi üçindir. Dana şahyryň goşgulary köptaraplylygy hem-de çeperçiligi bilen baýdyr. Şahyryň öwüt-nesihat, edep-terbiýe barada ýazan goşgulary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ähmiýeti diýseň uludyr.Şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar täsirli çykyş etdiler we Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan okap berdiler.

 Söhbetdeşligiň ahyrynda  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Press Service