“Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler” dogrusynda ýazgy edildi

Image description

“Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler” dogrusynda  ýazgy edildi.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda  ýazgy etdiler. Çykyş eden hünärmenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň kitaphanalaryna we kitaphana işine uly üns berilýändigini, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri we kitap okamaklyga bolan söýgüsini artdyrmaklary üçin alyp barýan işleri dogrusynda söhbet etdiler. Kitaba uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Press Service