"Neşirleri toplaýyş" bölüminiň kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlanyp kitaphana syny.

Image description

Kitaphana synynda çykyş edenler Atamyrat Şagulyýewiň Döwlet kitaphanasyna sowgat beren, 2025-nji ýylda “Ylym’ neşirýaty tarapyndan çap edilen ”Magtymgula barýan yol”atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Kitapda awtoryň uzak ýyllaryň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden söhbet açýan dürli mazmunly makalalary hem-de söz ussadynyň kowumdaşlarynyň dilinden ýazyp alan rowaýatlaryň girizilendigini beýan etdiler. Kitaphanaçylar Amangeldi Hydyrowyň “Keşbiň siňmiş daglara” atly kitaby şeýle-de 2025-nji ýylda “Ylym’ neşirýaty tarapyndan çap edilen “Magtymgulynyň eserleri boýunça lingwistik derňewler”, “Magtymguly ­– ynsan kalbynyň ruhy lukmany” atly kitaplar bilen hem tanyş boldular. Bu kitaplaryň giň okyjylar köpçüligi üçin beýik şahyryň edebi mirasyna aralaşmakda, ony çuňňur öwrenmekde möhüm ähmiýetli gollanma bolup hyzmat etjekdigini beýan etdiler.

     Halkymyzyň beýik danalarynyň mirasyna bagyşlanan çykyşlary guramakda, olar hakynda ylmy makalalary ýazmakda we ony okyjylar köpçüligine ýetirmekde, şeýle-de ýaş nesle döwrebap ylym-bilim bermekde, hünär öwretmekde uly-uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Press Service