“Nowruzda gül açar ýaşyl ýaýlamyz” atly söhbetdeşlik.
Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde Milli Bahar baýramy bolan Nowruz baýramy halkara derejesinde giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Nowruzda gül açar ýaşyl ýaýlamyz” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgärleri bu baýramyň goňşy döwletlerde belleniliş aýratynlyklary, milli tagam bolan Semeniň taýýarlanşy dogrusynda täsirli söhbet etdiler we birnäçe rowaýatlary okyjylara gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Link to the source: “Nowruzda gül açar …