“Ösüşlere beslenen bedew batly Watanym” atly wagyz-nesihat duşuşygy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Ösüşlere beslenen bedew batly Watanym” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek, ösdürmek babatda alnyp barylýan işler dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Ajaýyp döwrümiziň belent bagtyna guwanyp,buýsanyp zähmet çekýän hünärmenler geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan-saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.
Link to the source: “Ösüşlere beslenen bedew …