“Sagdyn durmuş - abadan ýaşaýyş” ady bilen ýazgy edildi

Image description

“Sagdyn durmuş - abadan ýaşaýyş” ady bilen ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşigi tarapyndan “Sagdyn durmuş - abadan ýaşaýyş” atly gürrüňdeşlik ýazgy edildi. Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek, halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyz hem saglygy goramak ugrunda halkymyza birnäçe gymmatly eserleri peşgeş berdi. Olardan ”Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” ”Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitaby, ”Türkmenistan- melhemler mekany”, ”Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” atly kitaplary halkymyzyň saglygyny goramakda esasy gollanmalar bolup durýar. Adam saglygyna bagyşlanan, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän bu gymmatly eserlerde saglyk, lukmançylyk, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin  açylyp görkezilýär. Ine şular dogrusynda söhbet edilip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Link to the source: “Sagdyn durmuş - …

Press Service