“Sungat äleminde” atly tapgyr boýunça, ýörite usuly biblografik gollanmalaryna we bölüme täze gelen neşirlere syn we “On barmagyň hünäri” atly sergisi.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde Türkmenistanyň ömrüni sungata bagyşlan sungat ussatlary barada, suratkeşler, kompozitorlar, kino aktýorlardyr režissiýorlar, teatr artistlary, tele-radio ýaýlymlarynyň halypa diktorlary barada kitaphananyň kitapdyr-gazet žurnal hazynasyndaky bar bolan ähli maglumaty bir ýere jemläp, “Sungat äleminde” atly tapgyr boýunça  ýörite usuly biblografik gollanmalary taýýarlamak işi alnyp barylýar. Bu gollanmalar bolsa okyjynyň wagtyny köp sarp etmezden özüne zerur bolan maglumatlary alyp bilmekligine  ýardam berýär. Olarda medeniýet we sungat ussatlarynyň ömri döredijiligini açyp görkezýän täsirli maglumatlar, olar baradaky kärdeşleriniň, şägirtleriniň ýatlamalary, şeýle hem sungat bölüminiň golasty hazynasynda saklanýan  ussat kompozitorlarmyzyň döreden sazlarynyň nota neşirleriniň we ses ýazgylarynyň sanawy ýerleşdirilýär. Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi  bölümiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan usuly gollanmalara, bölüme täze gelen neşirlere kitaphana synyny geçirdi we “On barmagyň hünäri” atly sergi gurady.

 Syna gatnaşan düzüjiler öz düzen gollanmalary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olar syna gatnaşan kitaphana işgärleriniň soraglaryna jogap berdiler.         

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli medeni mirasyny öwrenmeklige, olary dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýär.

Synyň ahyrynda gadymy we müdümi sungatymyzy, medeniýetimizi dünýä ýaýmaga uly mümkünçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly  işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Link to the source: “Sungat äleminde” atly …

Press Service