Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi, Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen bilelikde “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde - “Rowaýatlar ummany açar syrly dünýäni” atly göçme sergi gurady. Gökdere jülgesinde guralan sergidäki kitaplar, rowaýatlar we ertekiler - sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe,Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz “Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär “ diýip belleýär. ( // Berdimuhamedow S. Ýaşlar – Watanyň daýanjy. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. Sah.8-9.)
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Link to the source: Sungat bölümi, Neşirleri …