Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gezelençde boldylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gezelençde boldylar. Institutyň “Ýol gurluşyk” fakultetiniň 1-2-nji ýyl talyplary we mugallymlary Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar. Bu ýerde ýerleşdirilen kitap sergileri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi we özlerine gerekli bolan maglumatlary tapyp olardan peýdalandylar. Gezelençde bolan talyp ýaşlar okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Link to the source: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk …