Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş merkezinde ýerleşýän Çeşme atly sagaldyş we dynç alyş merkezinde „Türkmenistan syýahatçylygyň ülkesi“ atly söhbetdeşligi çagalar topary bilen gurnady. Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige uly üns berilýändigini belläp geçdiler. Soňra bolsa çagalar bilen bilelikde sorag-jogap alyşyldy. Kitaphana ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Link to the source: „Türkmenistan syýahatçylygyň ülkesi“