Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda”Aşgabat “ teleýaýlymy bilen bilelikde “Halk döredijiligi-ebedi döredijilik”ady bilen söhbetdeşlik

Image description

Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgärleri pederlerimizden miras galan däp-dessurlar,türkmen halkynyň döreden gymmatly baýlyklary, durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülip, biziň halkymyza ýetip gelen halk döredijiligi barada täsirli gürrüňler etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda olar rowaýatlar,ertekiler,hüwdüler, matallar,nakyllar dillden-dile geçip biziň häzirki günlermize edýän täsiri barada giňişleýin çykyş etdiler.

     Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Press Service