Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär.. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesilere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniweritetininiň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda “Söz mülkiniň mirasy ” atly kitap sergisi gurnaldy.. Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň sergisi hem öz beýany tapýar. Sergimizede gatnaşan talyplarda uly täsir galdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen birlikde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy düýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir.
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň
elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Link to the source: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet …