Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bahar pasly deýin mährem eneler” atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bahar pasly deýin mährem eneler” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

       Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda, baharyň ilkinji günlerinde biziň  käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň Halkara 8 - mart baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilýändigini, türkmen zenanlarynyň her biri bu gün bagtyýar zamanamyzda, eşretli durmuşymyzda, hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan çäksiz hormatyny duýup ýaşaýandyklaryny, biziň bahar-ýaza meňzeş enelerimize, käbelerimize, gelin-gyzlarymyza  hormatly Prezidentimiz tarapyndan örän uly hormat goýulýandygy hakynda özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle hem sekiz we ondan köp çaga terbiýeläp ýetişdiren enelere “Zenan kalby” ordeniniň, ”Ene mähri” atly hormatly adyň dakylýandygy hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem ähli zenanlara,okuwçy gyzlara, çagalar bagynda  terbiýelenýän  gyzjagazlara çenli hormatly Prezidentimiz tarapyndan pul sowgatlarynyň gowşurylýandygyny öz çykyşlarynda nygtadylar. Döredijilik duşuşygyna medeniýet we sungat, döredijilik we teatr işgärleri gatnaşyp, dabara gatnaşyjylara öz gutlaglaryny aýtdylar we  aýdym–sazlary bilen hezil berdiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “Eneler-dünýäniň görki ”atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy.

   Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler bize şu ajaýyp durmuşy  peşgeş beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç  bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Press Service