Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatynyň çäklerinde syýasy-diplomatik,söwda ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi barada giňişleýin aýdyp geçdiler.Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda” Kararyna laýyklykda gelejekde bu ugurda uly işler alnyp barylar diýip, giňişleýin nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!
Link to the source: Türkmenistanyň Halk Maslahynyň …