Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ýerasty innowasion gaz saklawhanalaryň ylmy esaslary” atly kitap sergisini gurnady.
Bu kitap sergisinde ýerleşdirilen neşir önümlerinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanda dürli geologik gurluşlarda ýerasty gaz saklawhanalaryny döretmegiň we gurmagyň mümkin bolan obýektleri boýunça takyk maglumatlar, gurluşlara ýa-da işlenip geçilen känlere bildirilýän talaplar beýan edilýär. Ýerasty innowasion gaz saklawhanalaryň tehnologik görkezijileri, enjamlary, şeýle hem ýerüsti we ýerasty enjamlaryň hasaplamalary maglumatlaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Senagatyň, ulag ulgamynyň ýaşaýyş-kommunal hojalygynyň işi suwuk we gaz görnüşli uglewodlary ulanmak bilen baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, gaz pudagy hem uly ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar.Kitap sergisine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Link to the source: “Ýerasty innowasion gaz …