“Zeminiň zeridir zenan zybany” atly söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň “Zeminiň zeridir zenan zybany” atly söhbetdeşligi geçirildi.

     Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzyň ene-mamalaryny, gyz-gelinlerini, kitaphanaçylary, halypalary, okyjylary Halkara zenanlar güni bilen mübäreklediler. 8-nji mart baýramy mynasybetli geçirilen söhbetdeşlikde türkmen zenanlarynyň alyp barýan işleriniň milli däp-dessurlarymyzy, sungatymyzy, medeniýetimizi ösdürmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin beýan etdiler. Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşly  döwründe zenanlara goýulýan hormat-sylagyň has-da artýandygyny belläp geçdiler. Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň  zenanlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň berilýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

      Söhbetdeşlige gatnaşanlar zenan mertebesini beýige galdyrýan, zenanlary ýurdymyzyň göwher gaşyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Link to the source: “Zeminiň zeridir zenan …

Press Service