BEÝIK ÝEŇŞIŇ 76 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «WATANSÖÝÜJILIGIŇ BELENT NUSGASY» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli «Watansöýüjiligiň belent nusgasy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli «Watansöýüjiligiň belent nusgasy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli «Watansöýüjiligiň belent nusgasy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara dürli ýerlerden myhmanlar, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Beýik Ýeňiş baýramynyň şanyna buýsançly sözler aýtdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň eşretli durmuşynyň hözürini görýänligi barada,eziz Diýarymyzyň uly ösüşlere, beýik sepgitlere ýetenligi barada täsirli söhbet etdiler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Gaýduwsyzlygyň beýik mekdebi” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy. Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimize alkyş sözlerni aýtdylar.