-
03
September
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyllygy mynasybetli ”Berkarar döwlet islärin.” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halky üçin
jemgyýetiň öňünde ýokary durmuş maksatlary goýýar,halkyň işlemegi,eşretli
durmuşda ýaşamagy üçin tükeniksiz mümkinçilikler açýar we şol
mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp,päk zähmet çekmeklige çagyrýar.
Magtymguly külli türkmeniň bir saçagyň başyna ýygnanyp,duz-çörek iýmegini
birek-birege ynanyşmagyň ýokary çägi,ygtybarly görnüşi hasaplaýar.Ähli halk bir
agza garasa,uly güýjüň emele geljekdigine,öňünde hiç bir zadyň,hiç bir güýjüň
durup bilmejekdigine şahyr ynanypdyr.Bu günki gün şahyrymyzyň arzuwlan
zamany hasyl boldy.Bu gün dünýäde Garaşsyz ,hemişelik Bitarap Türkmenistan
atly beýik döwlet bar.Garaşsyz ,Bitarap Türkmenistan-bu döwlet,hakykatdan-da,
gülläp ösýän,adamzadyň ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir diýip, uly
buýsanç bilen nygtap geçdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň
uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.