-
14
January
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär,halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri,özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymly diýip bellediler.Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýandygyny aýratyn belläp geçdiler. Bu bolsa söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.