-
10
December
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri Ýaponiýa" atly kitap sergisi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Ýaponiýa bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Türkmen-Ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Ýurdumyz bilen Ýaponiýanyň arasynda ynsanperwer ulgamy, şol sanda ylym-bilim ulgamynda, medeniýet hem sungat, sport we syýahatçylyk ugurlar boýunça gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegini düzýär.
Döwlet kitaphanasynda hem Ýaponiýa döwletiniň medeniýeti, edebiýaty, taryhy, arhitekturasy baradaky kitaplar ýerleşdirilen sergi gurnaldy. Sergide ýerleşdirilen kitaplar dostlukly halkyň däp-dessurlaryny, taryhyny we medeniýetini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmaga uly ýardam berýär. Bu sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!