-
06
September
“Umumy adamzat şahyry Magtymguly Pyragy, Garaşsyz Watanymyz bagtyň çyragy”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda
Neşirleri toplaýyş bölümi, Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary
jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak
bölümi, Kitap saklaýan bölümleri tarapyndan gurnalan “Umumy adamzat şahyry
Magtymguly Pyragy, Garaşsyz Watanymyz bagtyň çyragy” atly söhbetdeşligi
geçirildi.
Akyldar şahyr diňe bir öz döwründe däl-de, häzirki döwrümizde hem tutuş
adamzat jemgyýetini özgerdiji, terbiýeleýji güýç bolup durýar. Beýik akyldaryň
şygyrlary ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolup, daşyň ýüzüne iňňe bilen oýup
ýazylan ýaly, her bir adamyň ýürek töründe orun aldy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň yhlasy
bilen şahyryň abraý - mertebesi has-da artyp, onuň eserleri dürli daşary ýurt
dillerine terjime edildi. Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň beýik akyldar
şahyryna öwrüldi.
Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem, tutuş
adamzada ruhy lezzet berýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň döredijiligi durmuş
bilen baglanyşykly meseleler babatda oýlandyrýan döredejilikdigini belläp
geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň Berkarar
döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da
belende göterýän Türkmeniň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag bolmagyny, edýän sahawatly işleriniň
hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.