-
16
April
«Ýalkym saçýar medeniýetiň şuglasy, Ösüşlere eýe türkmen sungaty» ady bilen edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýalkym saçýar medeniýetiň şuglasy, Ösüşlere eýe türkmen sungaty” atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynyň amal-haşam kafedrasynyň Sungaty öwreniş fakultetiniň uly mugallymy Azat Annaýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Mahri Hojaýewa, Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Çinar Amansähedowa.
Bu ýylda naýbaşy seneleriň ikisiniň- mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilmegi toýlarmyzyň toýa ulaşýandygynyň nobatdaky güwäsidigi bellenip geçildi.
Dabaranyň çäklerinde “Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar!” atly kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de türkmen medeniýetine we sungatyna degşli kitaplar sergilendi.