MILLI GAZNAHANA ULLGAMYNY DÖRETMEK, MAGLUMATLARY JEMLEMEK, ULGAMYŇ ELEKTRON BINÝADYNY GURMAK WE MAGLUMATLARY ALYŞMAK BÖLÜMI


MILLI GAZNAHANA ULGAMYNY DÖRETMEK, MAGLUMATLARY JEMLEMEK, ULGAMYŇ ELEKTRON BINÝADYNY GURMAK WE MAGLUMATLARY ALYŞMAK BÖLÜMI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi metbugat eserlerini ylmy taýdan işlemegini we olary elektron katalogynyň, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynyň düzüminde şöhlelendirmegini , kitapnama teswirlerini elektron katalogynda düzmegini we ýüklemegi, kitaphananyň hemme bölümleriniň salan ähli maglumatlaryna gözegçilik etmegini, barlamagyny we ýalňyşlary düzetmegi amala aşyrýar.

Kitaphana gelen täze kitaplar uniwersal onluk tablisalary boýunça pudaklaşdyrylýar, sistematizasiýalaşdyrylýar we kartoçkalar degişli kataloglara ýerbe-ýer goýulýar, şeýle-de täze gelen kitaplar we awtoreferatlar tehniki taýdan işlenilýär, ýagny formulýar ýazylýar, jübüjik ýelmenilýär we kitap saklanýan hazynasyna tabşyrylýar, toparlaýyn neşirler aýry işlenilýär we bölümiň golasty hazynasynda saklanylýar.

Elektron katalogyna jogapkär adamlar Elib maksatnamananyň okuw merkezinde işgärlere maglumatlary ýüklemek düzgünlerini öwredýärler, maslahat berýärler we maslahatlar geçirýärler.

Bölüm wagtly-wagtynda okyjy elipbiý, pudaklaýyn we gulluk elipbiý kataloglarynyň redaksiýa işini geçirýär, tekjeleriniň düzgün-tertibine, içindäki kartoçkalarynyň goýluşyna we ýagdaýyna gözegçilik edýär.