HYZMAT EDIŞ BOLÜMI


HYZMAT EDIŞ BOLÜMI

Hyzmat ediş bölümi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň aýratyn düzümleýin bölümidir, ol baş direktorynyň orunbasaryna gös-göni tabyndyr. Bölüm öz işiniň ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda okyjylara hyzmat etmek we kömekçi kitap hazynalaryny emele getirmek boýunça işleriň toplumyny amala aşyrýar, şu iş bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirýär we hukuklardan peýdalanýar.

Hyzmat ediş bölümiň işiniň mazmuny:

  • Okyjylara hyzmat etmek, ýeke-täk okyjy bileti boýunça okyjylary kitaphana ýazmak we kitaphanadan peýdalanmagyň düzgünleriniň okyjylar tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik etmek;
  • Kitaphananyň okyjylaryny bellige almak, olaryň kitaphana gel- mekleriniň we okyjylara hyzmat etmegiň başga maglumatlaýyn görkezijileriniň hasabyny ýöretmek;
  • Neşir edilen eserleri we beýleki maglumat beriş serişdelerini okyjylar zalynda we öýde okamak üçin (gijeki abonemente) bermek;
  • Okyjylardan kitaplary kabul etmek, şol bir wagtyň özünde yzyna gaýtarylýan edebiýatlaryň saklanyş ýagdaýyna gözegçiligi amala aşyrmak;
  • Bölümiň kömekçi kitap hazynasynyň binýadynda kitapnama talap lary ýerine ýetirmek;
  • Kitaphanada geçirilýän köpçülikleýin çäreleri guramaga gatnaşmak;