Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde 2025-nji ýylymyzyň “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Şöhrat-şany dünýä dolan,Arkadag Serdarly Watan!“ady bilen dabara geçirildi.
Dabarada çykyş edenler Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylymyzda alnyp barylýan beýik işler, halkara derejesinde we sebitde geçirilýän dürli çäreler,dürli halkara maslahatlar,ylymda-bilimde, milli medeniýetimizde we sungatymyzda alnyp barylýan ajaýyp işler hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanýandygyny nygtadylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: 2025-nji ýylymyzyň “Halkara …