Abadanlygyň, agzybirligiň güýji bilen beýik ösüşlere tarap

Image description

Abadanlygyň, agzybirligiň güýji bilen beýik ösüşlere tarap.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Abadanlygyň, agzybirligiň güýji bilen beýik ösüşlere tarap” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

   Bedew bady bilen ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň bosagasynda duran  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny uly buýsanç bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk - türkmen halkynyň ykbalyna berilen egsilmez bagtdyr. Galkynan ýurdum öz synmaz Garaşsyzlygyny gazanandan soňra görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi, içerki we daşary syýasatynda uly üstünliklere eýe boldy. Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýörelgesi bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler hem Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda  halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge, döwletimiziň barha kuwwatlanmagyna we gülläp ösmegine gönükdiriljek çözgütleriň Kabul ediljekdigi barada buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt we bütin adamzat bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Abadanlygyň, agzybirligiň güýji …

Metbugat gullugy