Açyk gapylar güni

Image description

“Açyk gapylar güni”.

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda,Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary, Döwlet kitaphanasynyň işgärleri ,şeýle hem ýokary synp mekdep okuwçylary bilen bilelikde “Açyk gapylar güni” geçirildi. “Açyk gapylar gününde “çykyş eden Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlar şu okuw  ýylynda orta mekdebi tamamlaýan ýokary synp okuwçylarynyň ýokary we orta hünär mekdeplerine dalaşgär bolmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini,ýurdumyzda biziň ýaş nesillerimiziň ylym-bilim almaklary üçin ähli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň gapylarynyň açykdygy barada  giňişleýin söhbet etdiler. Olar sözleriniň ahyrynda bize ajaýyp durmuşy bagş eden Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Açyk gapylar güni

Metbugat gullugy